TNGIZT 180 müň tonna golaý kerosin öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT 180 müň tonna golaý kerosin öndürdi
Şu ýylyň bäş aýynda kerosin önümçiliginiň ösüş depgini 105%-e deň boldy.

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 178 müň 363 tonna kerosin öndürilip sarp edijilere iberildi. Bu bolsa göz öňünde tutulan önümçilik meýilnamasyndan 6 müň tonna artykdyr.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetinde çarşenbe güni habar berilişi ýaly, şu ýylyň bäş aýynda ýangyjyň bu görnüşiniň önümçiliginiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 105%-e deň boldy.

Mundan başga-da, TNGIZT-de şu ýylyň bäş aýynda 666 müň 733 tonna benzin öndürilidi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 80 müň tonna köpdür.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär