Daşoguzda hususy sowadyjy ammaryň gurluşygy dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda hususy sowadyjy ammaryň gurluşygy dowam edýär
Ammaryň esasy binasyny Ýewropada öndürilen häzirki zaman enjamlar biilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda oba hojalyk önümlerini saklamak üçin hususy döwrebap sowadyjy ammaryň esasy binasynyň gurluşygy tamamlanýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýöriteleşdirilen desga 1,6 gektar meýdany eýeläp, birwagtda 350 tonna gök önümi we miwäni saklamaga niýetlenendir. Sowadyjy ammar Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň (TSTB) daşoguzly agzasy Sarybaý Hanbaýew tarapyndan gurulýar.

Şeýle hem ammaryň esasy binasyny Ýewropada öndürilen häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa dürli göwrümli otaglarda önümleri ter-täze ýagdaýda saklamak we zaýalanmagynyň öňüni almak üçin amatly şertleri awtomatik ýagdaýda döredip, üýtgewsiz saklamaga mümkinçilik berer.

Telekeçi Sarybaý Hanbaýew bu sebitde iň iri oba hojalyk harytlaryny öndürijileriň biridir. Onuň Ruhubelent etrabyndaky baglary 35 gektar meýdany tutýar. Ol gök önümlerden we miwelerden başga-da özüne döwlet tarapyndan uzak möhletleýin ulanmak üçin berlen ýüz gektar meýdanda bakja önümlerini, sogan we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirýär.

2022