TSTB halkara onlaýn konferensiýa geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB halkara onlaýn konferensiýa geçirer
Forumda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat pudaklarynda telekeçiligiň geljegine garalar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB), “TMT ConsultingGroup” bilen bilelikde 28-nji iýunda Aşgabatda “Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürligi we hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki orny” atly halkara onlaýn konferensiýasyny geçirer. Bu barada TSTB-niň resmi saýtynda anna güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu forum Türkmenistanly senagatçylaryň, telekeçileriň we haryt öndürijileriň jemgyýetçilik birleşiginiň ýurdumyzyň işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň ösmegine goşant goşýan ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegini we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ikitaraplaýyn bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakdaky goşandyny artdyrmagy maksat edinýär.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar infrastruktura taslamalaryny we milli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde döwlet guramalary we edaralary, daşary ýurt kompaniýalary we maliýe toparlary bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Forumyň maksatnamasy iki sany ugurdaş bölümi öz içine alýar. Olaryň birinde Türkmenistanyň gurluşyk we senagat pudaklarynda telekeçiligiň geljegine garalar, beýlekisi bolsa ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamynyň hem-de agrosenagat toplumynyň kämilleşdirilmegine bagyşlanandyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 2008-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda TSTB ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda öz işini alyp barýan 25 müňden gowrak telekeçileri özünde jemleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022