WTL TNGZIT-de haýal kokslama toplumynyň gurluşygyny dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
WTL TNGZIT-de haýal kokslama toplumynyň gurluşygyny dowam edýär
Umumy bahasy 120 million ýewro barabar bolan taslamanyň esasy tehniki enjamlaryny sargyt etmek tapgyryna girişildi.

Amerikanyň “Westport Trading Europe Limited” (WTL) kompaniýasy COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly ýüze çykýan bökdençliklere garamazdan, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) haýal kokslama we gudrony deasfaltlaýjy enjamlaryny gurnamak işini dowam etdirýär. Bu barada WTL kompaniýasyna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

WTL kompaniýasynyň “Trend” agentligine beren maglumatyna görä, umumy bahasy 120 million ýewro barabar bolan bu taslamanyň esasy tehniki enjamlaryny sargyt etmek tapgyryna girişildi.

“Haýal kokslama enjamy agyr nebit galyndylary bolan gudrony, mazudy we asfalty gaýtadan işläp goşmaça mukdarda gazy, benzini, ýeňil we agyr gozoýlyny hem-de nebit koksyny öndürmek üçin niýetlenendir. Haýalladylan kokslamak enjamynyň taslamasynyň kuwwaty ýylda 900 müň tonna önümi gaýtadan işlemäge niýetlenendir” diýip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem deasfaltlaýjy enjamynda haýal kokslama enjamy üçin ýaglary we asfalty öndürmek maksady bilen gudrondan parafinonaften uglewodorodlary bölüp çykarmak işleri amala aşyryljakdygy aýdylýar.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda ýangyç–energetika toplumyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurtda nebiti gaýtadan işleýän senagatyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrar diýip, WTL belleýär.

“Westport Trading Europe Limited” amerikan kompaniýasy 1998-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa nebiti gaýtadan işleýän senagaty Amerikanyň we Ýewropanyň tehnologiýalary, inženerçilik işleri we köp görnüşli senagat tehnologiýalary bilen üpjün edýär. Kompaniýanyň baş binasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär.

2022