ÝB ýurtlary 12000 tonnadan gowrak türkmen nebit önümlerini import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB ýurtlary 12000 tonnadan gowrak türkmen nebit önümlerini import etdi
Fewral aýynda ÝB ýurtlary Türkmenistandan 57 müň 678 tonna nebit önümlerini import etdi.

Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlar 2021-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistandan bahasy 4 million 700 müň ýewro barabar bolan 12 müň 28 tonna mineral ýangyjy, ýagy we gaýtadan işlenen ýag önümlerini, şeýle hem bitum serişdelerini we mineral gaçy import etdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugy (Ýewrostat) salgylanyp, “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

Ýewrostatyň maglumatlaryna görä, fewral aýynda ÝB ýurtlary Türkmenistandan bahasy 21 million 700 müň ýewro barabar bolan 57 müň 678 tonna, ýanwarda bolsa 49 million 300 müň ýewro deň bolan 155 müň 633 tonna nebit önümlerini import etdi.

2020-nji ýylda ÝB ýurtlary Türkmenistandan 196 million 800 müň ýewro barabar bolan 734 müň 578 tonna mineral ýangyjy, ýagy we gaýtadan işlenen ýag önümlerini, şeýle hem bitum serişdelerini we mineral gaçy import etdi.

ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso ÝB-niň Türkmenistan bilen 2021-2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy meýilleşdirmek prosesiniň dowam edýändigi barada habar beripdi. Ilçi, häzirki wagtda hyzmatdaşlar hem-de dürli gyzyklanýan guramalar bilen maslahat işleriniň alnyp barylýandygyny hem belläpdi.

2022