ÝTÖB “Parahat” hususy kärhanasyna $2,5 million karz serişdesini berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB “Parahat” hususy kärhanasyna $2,5 million karz serişdesini berýär
“Parahat” hususy kärhanasy serişdeleri tehnologiki enjamlary satyn almak we dolanyşykda bolan maýa zerurlyklaryny goldamak üçin sarp eder.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda miwe şirelerini we süýt önümlerini öndürmekde öňdebaryjy “Parahat” hususy kärhanasyna 2 million 500 müň ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesini gönükdirmegi makullady. Bu barada ÝTÖB-niň internet sahypasynda geçen anna güni habar berildi.

ÝTÖB-niň habar berşi ýaly, kompaniýa serişdeleri tehnologiki enjamlary satyn almak we dolanyşykda bolan maýa zerurlyklaryny goldamak üçin sarp eder.

Maglumata görä, “Parahat” hususy kärhanasy aýna çüýşeleri gaýtadan işleýän enjamlary ornaşdyrmagy, şeýle hem önümleriň ýaramlylyk möhletini we olaryň daşalmak mümkinçiligini ýokarlandyrjak täze gaplaýyş enjamlaryny gurnamagy meýilleşdirýär.

Şeýle hem, kompaniýa täze PET gaplama liniýasyny ulanyşa girizmek arkaly önümçiligini giňelder we diwersifikasiýalaşdyrar diýip, bank belledi.

“Parahat” hususy kärhanasy “Eçil” we “Joş” miwe şireleriniň, “Özi” gazlandyrylan alkogolsyz içgileriniň, “Süýtli Dere” süýt önümleriniň, “Han Çaý” sowuk çaýlarynyň we “Ýeserje” çaga püreleriniň öndürijisi hökmünde ýurdumyzda giňden tanalýar.

ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 85 taslama 290 million ýewro maýa goýdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022