Türkmenistanda eksport edijileriň maslahaty geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda eksport edijileriň maslahaty geçiriler
Wise-premýer Çary Gylyjow ýurdumyzda öndürilen harytlaryň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Söwda-senagat edarasynda eksport edijileriň maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen mejlisiniň dowamynda wise-premýer Çary Gylyjow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de artdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi we Türkmenistanda öndürilen harytlaryň daşary ýurt bazarlarynda eýeleýän ornuny yzygiderli giňeltmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda tassyklanan “Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda” kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini we bu ugurda öňde durýan çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Söwda-senagat edarasynda eksport edijileriň maslahatyny geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, eksport amallaryny döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek we eksport edijilere döwlet tarapyndan berilýän goldawy pugtalandyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigini nygtady.

Milli Liderimiz bu ugra degişli işleriň kämilleşdirilmegi, oňa dünýäniň ösen tejribesiniň we ylmyň häzirki zaman gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly harytlaryň dünýä bazarlarynda eýeleýän ornunyň pugtalanmagyny üpjün eder diýip belledi we hödürlenen teklibi makullap, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

2022