Ukrain kompaniýalary Türkmenistanda iri taslamalara gatnaşmaga taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukrain kompaniýalary Türkmenistanda iri taslamalara gatnaşmaga taýýar
Ukrain kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gurluşyk pudagyndaky taslamalaryň mümkin boldugyça ýokary derejede durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge taýýardyklaryny aýtydar.

Birnäçe ukrain kompaniýalary, esasan hem, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasy hem-de “Altkom” maliýe-senagat topary “Aşgabat siti” taslamasynyň durmuşa geçirilmegine, şeýle-de paýtagt metrosynyň we şäherara awtoulag ýollarynyň gurluşygynda iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýärler.

28-30-njy iýun aralygynda türkmen tarapynyň çakylygy bilen ýokarda agzalan kompaniýalaryň ýolbaşçylary – “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk we “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko resmi iş sapary bilen Türkmenistana geldiler. Bu barada Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň internet sahypasynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda ukrain kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kabul etdi. Döwlet Baştutany türkmen tarapynyň bu ukrain kompaniýalaryny ýurtda döwlet ähmiýetli iri taslamalaryň – “Aşgabat siti” taslamasynyň, şeýle-de paýtagt metrosynyň we şäherara awtoulag ýollarynyň gurluşygyny durmuşa geçirmekde bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Ukrain kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem öz gezeginde gurluşyk pudagyndaky iň döwrebap tehnologiýalary ulanmak bilen degişli taslamalaryň mümkin boldugyça ýokary derejede durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Türkmenistana eden saparynyň dowamynda ukrain kompaniýalarynyň ýolbaşçylary wise-premýerler Şamuhammet Durdylyýew we Baýramgeldi Öwezow, şeýle hem Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri Rahym Gandymow, “Türkmenhowaýollary” döwlet agentliginiň başlygy Döwran Saburow, Aşgabat şäheriniň häkimi Ýaztagan Gylyjow hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen hem aýratyn duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler.

2022