“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy önümleri sertifikatlaşdyrmagyň täzelenen tertibini tassyklady. Onuň mazmuny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi sahypasynda ýerleşdirildi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda anna güni habar berildi.
Bu resminama dokuz bapdan ybarat bolup, Türkmenistanda öndürilýän, daşary ýurtlara eksport edilýän, döwletiň çägine getirilýän önümleriň sertifikatlaşdyrylmagyny, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň sertifikatlaşdyrmak boýunça edaralarynyň beren laýyklyk resminamalarynyň ykrar edilmegini talap edýär.
Habarda bellenişi ýaly, täzelenen tertip käbir amallary sanlylaşdyrmak bilen sertifikatlaşdyrmak işini ýönekeýleşdirer. Meselem, önümleri sertifikatlaşdyrmak üçin diňe kagyz görnüşinde däl, internet arkaly elektron görnüşinde ýa-da elektron göterijide hem ýüz tutmaga mümkinçilik berler.
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy standartlaşdyryş, sertifikatlaşdyryş, metrologiýa, ýerasty baýlyklary we zähmeti goramak, senagat howpsuzlygy babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar.