“Garaja” we “Bagban” gaplama önümleriniň eksport edilmegi göz öňünde tutulýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Garaja” we “Bagban” gaplama önümleriniň eksport edilmegi göz öňünde tutulýar
Kärhanada duzlanan hyýar, pomidor, kelem ýaly önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

“Ýakyn dost” hojalyk jemgyýeti “Garaja” we “Bagban” haryt nyşanly gaplanan gök-bakja we miwe önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi göz öňünde tutýar.

“Rysgal” gazetinde duşenbe güni habar berlişi ýaly, kompaniýanyň Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýerleşýän önümçilik kärhanasynda Türkiýeden getirilen enjamlar ornaşdyrylandyr. Kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million banka gaplamaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde dürli miwelerden taýýarlanan mürepbeleriň we şerbetleriň 8 görnüşi, duzlanan hyýar, pomidor, kelem ýaly önümleriň bolsa dürli görnüşleri öndürilýär. Şeýle-de kärhanada pomidor goýaltmasy bolan üwmejiň ajy we beýleki görnüşleriniň önümçiligi hem ýola goýlandyr.

“Ýakyn dost” hojalyk jemgyýetiniň kärhanasy 2018-nji ýylyň sentýabrynda açyldy. Häzirki wagtda bu ýerde 30-dan gowrak işçi zähmet çekýär.