1 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
1 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi
Diňe iýun aýynyň özünde 239 müň 850 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçirildi.

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 1 million 50 müň tonna nebiti eksport etdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi geçen anna güni habar berdi.

Maglumatlara görä, diňe iýun aýynyň özünde 239 müň 850 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçirildi.

Türkmenistan Russiýadan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soňra ikinji orunda durýar. Gazagystan 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 6 million 730 müň tonna (iýunda 1 million 140 müň tonna) nebiti üstaşyr geçirdi. 

Şeýle-de habarda bellenilişi ýaly, rus kompaniýalarynyň GDA döwletlerinden başga ýurtlara nebit eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda 104 million 60 müň tonna barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 12,1% peseldi.

Şol döwürde Russiýanyň nebit kompaniýalarynyň GDA ýurtlaryna nebit eksporty 34% artyp, 6 million 220 müň tonna barabar boldy.

2022