“Hazar” bekedinde 363 million kub metre golaý gaz taýýarlanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Hazar” bekedinde 363 million kub metre golaý gaz taýýarlanyldy
Şu ýylyň başyndan bäri Hazar ýataklaryndan çykarylan “gara altynyň” mukdary 24 müň tonna ýetdi.

“Hazar” gaz kompressor bekediniň hünärmenleri tarapyndan 2021-nji ýylyň alty aýynda nebit guýulary üçin 362 million 647 müň kub metr tebigy gaz taýýarlanyldy we iberildi.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, netijede şu ýylyň başyndan bäri Hazarýaka ýataklaryndan çykarylan “gara altynyň” mukdary 24 müň tonna ýetdi.

“Hazar” gaz kompressor bekedi “Türkmennebit” döwlet konserniniň Gaz toplamak we paýlamak müdirliginiň düzümine girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň başynda Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Çärjew etrabynyň “Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desganyň ýylda üstünden 30 milliard kubmetre çenli tebigy gazy geçirmäge mümkinçiligi bardyr.