Türkmenistanyň JIÖ-i geçen 6 aýda 6,1% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň JIÖ-i geçen 6 aýda 6,1% artdy
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5% köpeldi.

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüş depgini 6,1% artdy. Bu barada wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berlişi ýaly, mejlisiň dowamynda halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi. Wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow 2021-nji ýylyň alty aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2% ýokarlandy.

Ýanwar – iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5%, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa 3,5% ýokarlandy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5% köpeldi.

Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gadyrgeldi Müşşikowy Merkezi bankyň başlygy wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Mejlisiň dowamynda berlen hasabatlara görä, alty aýyň dowamynda döwlet emlägine degişli desgalaryň 70-si hususylaşdyryldy.

2021-nji ýylyň 1-nji iýuny ýagdaýyna görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň mukdary jemi içerki önümiň 15,9%-e barabar boldy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar – iýun aýlarynda birža söwdalarynyň 148-si geçirilip, 16 müň 143 şertnama hasaba alyndy.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek, wezipeden boşatmak baradaky meselelere hem garaldy.

2022