Hytaý kompaniýasy türkmen gaz ýataklarynda ýerüsti desgalary gurýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý kompaniýasy türkmen gaz ýataklarynda ýerüsti desgalary gurýar
Taslamanyň çäklerinde gaz ýataklaryň altysy ulanmaga beriler.

Hytaýyň “China Petroleum Engineering Construction” kompaniýasy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gaz ýataklarynyň ýerüsti desgalarynyň taslamasyny işläp düzmek we gurmak boýunça bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bu barada Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň resmi saýtynda duşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taslamanyň çäklerinde ýataklaryň altysy – Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga beriler.

Hususan-da, guýularyň 22-sini, gaz toplaýjy beketleriň 4-sini, turbageçirijileri, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamyny, şol sanda elektrik üpjünçilik we suw üpjünçilik ulgamlaryny, önümçilik düzüminiň beýleki desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň umumy taslama kuwwaty ýylda 1 milliard 800 million kub metr gaz çykarmaga mümkinçilik berer.

“China Petroleum Engineering Construction” kompaniýasy Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) golçur kompaniýasy bolup, häzirki wagtda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň gündogar böleginde ýerleşýän Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022