TSTB-niň agzalary Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 14 desganyň gurluşygyny tamamlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TSTB-niň agzalary Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli 14 desganyň gurluşygyny tamamlar
Türkmen hususy kompaniýasy Aşgabat şäherinde häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumyny, söwda–dynç alyş we işewürlik merkezini işe girizer.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary bolan işwürler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlap, şu ýylyň ahyryna çenli açylyp ulanylmaga berilmeli 14 sany iri desganyň gurluşygyny dowam etdirýärler. Türkmenistanyň resmi metbugatynda neşir edilen taslamalaryň sanawy barada TSTB-niň resmi sahypasynda sişenbe güni habar berildi.

Täze gurulýan binalaryň köpüsi “Ussat-Inžener” hususy kärhanasy tarapyndan bina ediler. Bu kompaniýa Aşgabat şäherindäki A.Nyýazow bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygynda ýerasty geçelgesiniň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda 640 orunlyk we Babadaýhan etrabynda 960 orunlyk orta mekdebiniň, şeýle hem Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahanasynyň gurluşygyny tamamlar.

“Myradym” hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Änew şäherinde 720 we 960 sany okuwçy üçin niýetlenen iki sany orta mekdebi gurar. Şu ýyl “Röwşen” hususy kärhanasy Daşoguz we Balkanabat şäherlerinde iki sany 3 müň orunlyk “Türkmeniň ak öýi” binalaryny ulanmaga berer.

Aşgabat şäheriniň Tähran köçesiniň ugrunda “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumy, şeýle hem söwda–dynç alyş we işewürlik merkezi işe giriziler.

“Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat-Tejen böleginiň gurluşygyny tamamlar.

“Çeper Gurluşyk” hususy kärhanasy Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň gurluşygyny tamamlar. Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda “Ussa Tirkeş” we “Döwletli dostlar” kärhanalary tarapyndan 600 orunlyk iki sany orta mekdep ulanylmaga berler.

“Demirbetonönümleri” zawodynyň gatnaşmagynda “Derkar” hojalyk jemgyýeti hem-de “Merdana doganlar” hususy kärhanasy tarapyndan Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda alty sany 16 öýli, alty sany 24 öýli, iki sany 48 öýli we bir sany 32 öýli ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanylmaga berler.

Umuman, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda 22 sany desganyň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Täze desgalaryň gurluşygy “Sumitomo Corporation”, “Cotam Enterprises Ltd.”, “Bouygues Batiment International” we “Rönesans” ýaly daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem käbir döwlet kärhanalaryny tarapyndan amala aşyrylýar.