USAID türkmen gök-bakja önümlerini eksport edijileri üçin “gyzgyn liniýa” açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
USAID türkmen gök-bakja önümlerini eksport edijileri üçin “gyzgyn liniýa” açdy
“Gyzgyn liniýa” 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 30-njy sentýabry aralygynda telefon we internet arkaly işlär.

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanda gök-bakja önümlerini eksport edijiler üçin eksport meselelerinde ýüze çykýan soraglar boýunça maslahat bermek üçin “gyzgyn liniýa” açdy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) internet saýtynda penşenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, TSTB tarapyndan durmuşa geçirilýän bu başlangyç, täze işe girişen üpjün edijilere daşary söwdanyň çylşyrymly düzgünlerine has gowy düşünmäge we söwda tejribelerini öwretmäge ýardam eder.

Maslahat beriş hyzmatlary daşary ýurtly hyzmatdaşyň täjirçilik talaplaryna we tekliplerine baha bermek, daşary söwda hyzmatdaşlarynyň ygtybarlylygyny kesgitlemek üçin barlaglary geçirmek arkaly töwekgelçiligi azaltmagyň usullary, halkara söwdada bitewi düzgünleriň ulanylmagy ýaly eksporta gönükdirilen amallary şeýle-de daşary ýurt gümrük nyrhlaryny kesgitlemek üçin bazar gözleg gurallarynyň ulanmagyny öz içine alýar.

“Gyzgyn liniýa” 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 30-njy sentýabry aralygynda telefon (+993 65 50 06 52) we elektron salgylar (batyr_gurbangeldiyev@dai.com; ctjexportsupport@dai.com) arkaly işlär. Maslahatlar türkmen we rus dillerinde berilýär.

2020-nji ýylyň aprelinde USAID-iň Bäsleşige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasynyň Türkmenistanda gök-bakja öndürijileriniň eksportlaryna ýardam etmek boýunça maslahat beriş “gyzgyn liniýalaryny” açypdy. Ozalky iki sany “gyzgyn liniýalar” agronomçylyk goldawyny bermek we daşary ýurt bazarlaryna çykmak üçin talaplara gönükdirilendi.