Beýik Britaniýanyň kompaniýasy TNGIZT-niň 3-nji gämi duralgasyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Beýik Britaniýanyň kompaniýasy TNGIZT-niň 3-nji gämi duralgasyny gurar
TNGIZT-niň we “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda Kenar kärhanasynda 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça şertnama baglaşylar.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak boýunça hyzmatlary Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasy ýerine ýetirer.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda wise-premýer Şahym Abdyrahmanow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şertnama laýyklykda, TNGIZT-niň we Beýik Britaniýanyň “Petro Gas LLP” kompaniýasynyň arasynda Kenar kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan 3-nji gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak boýunça şertnama baglaşylar. Bu desgany 30 aýyň dowamynda gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, TNGIZT-e çig nebiti ibermegiň möçberleriniň artdyrylmagyna, ýerlenilýän önümleriň bazarlarynyň geriminiň giňeldilmegine, sebitiň örän iri nebiti gaýtadan işleýän kärhanasynda öndürilýän önümleriň ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijilerine öz wagtynda iberilmeginiň üpjün edilmegine ilkinji nobatda üns bermelidir diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgasynyň taslamasyny düzmek we ony gurmak hakynda” Karara gol çekip, bu desga bina edilende, ähli ekologik talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlerine gabat gelýär. TNGIZT-niň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketler girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022