Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalary paýdarlar jemgyýetine öwrüler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalary paýdarlar jemgyýetine öwrüler
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 60 sany kärhana bar.

Marynyň dokma fabriginiň we “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, olary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda wise-premýer Çary Gylyjow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Marynyň dokma fabriginiň önümçilik enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmengala pagta egirme fabriginiň gatnaşmagynda ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem “Türkmendokma” daşary söwda kärhanasyny Dokma senagaty ministrliginiň we “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipler hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, olary paýdarlar jemgyýetine öwürmek, ykdysadyýetimiziň düzümlerinde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen zerur çäreler görülmelidir diýdi we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagynda 60 sany kärhana bar we olaryň 16-sy paýdarlar jemgyýeti görnüşinde hereket edýär.

2022