Aşgabatda täze suw arassalaýjy desga ulanylmaga berler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda täze suw arassalaýjy desga ulanylmaga berler
TSTB-niň agzasy tarapyndan bina edilýän suw arassalaýjy desganyň kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metre barabar bolar.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde täze suw arassalaýjy desga ulanylmaga beriler. Häzirki wagtda bu desganyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) resmi saýtynda sişenbe güni habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, TSTB-niň agzasy tarapyndan bina edilýän suw arassalaýjy desganyň kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 150 müň kub metre barabar bolar.  

Bu we beýleki jemagat hojalygyna degişli desgalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Gandymow we wise-premýer Çarymyrat Purçekowyň beren hasabatlarynda bellenildi.

Milli Liderimiz häkime paýtagtymyzyň agyz suw zawodlaryny we suw üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary işläp düzmegi we olaryň işine innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy hem-de dünýädäki iň gowy tejribeleri işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem şäheriň ýol-ulag ulgamyny ösdürmek boýunça görkezmeler berildi.

Mundan başga-da, iş maslahatyň dowamynda “Altyn kölüň” kenarynda dynç alyş zolagynda binalary we desgalary hem-de Aşgabat şäherinde täze medeni merkezi gurmak üçin potratçylary saýlap almak boýunça yglan edilen bäsleşikleriň dowam edýändigi barada habar berildi.