“Nebitgazçykaryş” tresti tarapyndan 2 milliona golaý nebit çykaryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nebitgazçykaryş” tresti tarapyndan 2 milliona golaý nebit çykaryldy
“Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýjylary tarapyndan ýylyň başyndan bäri 71 müň 877 metr ulanyş we gözleg maksatly çuňluklar gazyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazçykaryş” tresti tarapyndan 2021-nji ýylyň başyndan bäri 1 million 821 müň tonnadan gowrak “gara altyn” çykaryldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar berşi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni amala aşyrýan işlerinde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman enjamlary we buraw desgalary ulanýar.

Şeýle hem, konserniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň burawlaýjylary tarapyndan ýylyň başyndan bäri 71 müň 877 metr ulanyş we gözleg maksatly çuňluklar gazyldy.

“Türkmennebit” döwlet konserni nebit känleriniň ulanylyşynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak, geljegi uly täze känleri gözlemek we derňemek, olary özleşdirmek we çykarylýan çig malyň möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

2022