Türkmenistan bilen Özbegistanyň dostlugynyň hatyrasyna Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähiniň gurluşygy başlandy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan “Zehinli iş” hojalyk jemgyýeti bu gurluşygyň hem taslamaçysy hem-de potratçysydyr.
TSTB-niň resmi saýtynda ýekşenbe güni habar berlişi ýaly, gurluşyk meýdançasy hökmünde “Güneş” seýilgähiniň çägi saýlanyp alyndy. Ol ýerde takmynan 30 müň inedördül metr meýdanda gök öwüsýän ösümlikli, ajaýyp gülzarlykly we arassa ýodaly landşaft bagy dörediler, şeýle hem özbek paýtagtynyň gözel ýerlerini ýada salýan ýigrimiden gowrak desga gurlar.
Merkezi derwezeden başlanýan seýilgähiň esasy zolagynda baş çüwdürim gurlar, onuň ahyrynda bolsa medeni çäreler üçin sahnaly meýdança bolar. Bu desgalar reňbe-reň öwüsýän syrçaly keramika tagtaly dünýä belli Özbek nagyşlary bilen bezeler.
Mundan başga-da, seýilgähiň çäginde şol bir wagtyň özünde ýüz adama çenli kabul edip bilýän iki gatly çaýhana hem bina ediler.
Gezim zolagy bilen bir wagtda seýilgähde oýun meýdançasy-da dörediler. Bu ýerde kiçi ýaşly çagalar üçin enjamlaşdyrylan oýun meýdançasy, attraksionlar we synlama çarhy ýerleşer.
“Güneş” seýilgähiniň çäginde öňden bar bolan “Toý mekanynyň” binasynyň hem durky täzelener we öňküsi ýaly müşderileri kabul eder.
2018-nji ýylda iki döwletiň dostlugynyň we doganlygynyň alamaty hökmünde Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Aşgabat” seýilgähi açylypdy.