Türkmen Lideri “Galkynyş” ýatagynda täze gaz guýularynyň gurluşygyna badalga berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri “Galkynyş” ýatagynda täze gaz guýularynyň gurluşygyna badalga berdi
“Galkynyş” käninde guruljak guýularyň her biriniň akymy ortaça bir gije-gündizde 3 million kub metr gaza deň bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda duşenbe güni Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda ýerleşýän dünýäniň iň uly gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käninde täze gaz guýularynyň gurluşygyna başlanmagy sebäpli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti habar berýär.

Bu çärä Hökümet agzalary, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň baş müdiri Çen Huaýlu we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

2021-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserni Hytaýyň “CNPC Chuanqing Drilling Engineering Company Limited” kompaniýasy bilen üç gaz guýusynyň gurluşygyny tamamlamak we olary ulanmaga bermek hakynda şertnama baglaşdy.

Garaşylyşy ýaly, her bir guýynyň akymy ortaça bir gije-gündizde 3 million kub metr gaza deň bolar. Bu taslama 30 aýyň dowamynda ýerine ýetiriler. 2007-nji ýylda gol çekilen şertnama laýyklykda kompaniýanyň amala aşyrjak işleri üçin hasaplaşyklar 3 ýylyň dowamynda Hytaýa tebigy gazy ugratmagyň hasabyna geçiriler.

“Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde geçirilen “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň birinji tapgyrynyň çäginde bu ýerde guýularyň 22-si hem-de ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge ukyply toplumlaryň 2-si guruldy.

Häzirki wagtda umumy eýeleýän meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan käniň ulanylyş gaznasynda 45 sany guýy bar. Her bir guýynyň akymy ortaça bir gije-gündizde 2 million kub metr gaza deňdir.

2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen “Galkynyş” gaz ýatagy Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmelerinden biridir.

2022