Özbegistanda ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi dünýä bazarlaryna goşmaça çykalgalary açar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanda ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi dünýä bazarlaryna goşmaça çykalgalary açar
“Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesindäki Özbegistanyň we Türkmenistanyň gyzyklanmalarynyň Eýranyň we Hindistanyň bazarlaryna girmek bilen baglanyşyklydyr

Özbegistanda ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegi Eýranyň we Azerbaýjanyň bazarlaryna goşmaça çykalgalary açar. Bu barada bilermen, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ykdysadyýet institutynyň syýasat boýunça ylmy işgäri Aleksandr Karawaýewiň aýdanlaryna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi anna güni habar berdi.

Karawaýewiň “Trend” agentligene beren maglumatlaryna görä, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanda ykdysadyýeti ösdürmek boýunça tassyklan strategiki maksatnamalarynyň çäginde, bu ösüş demirgazyk-günbatar ugurlarda ýagny, Russiýanyň we Ýewropanyň bazarlarynda eksporty ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

“Türkmenbaşy bilen Bakunyň arasyndaky parom hyzmatynyň goşulmagy Hazar transmilli awtoulag ýollarynda möhüm orny eýeleýär. Bu ulag ýoly eýýäm Özbegistan tarapyndan ulanylýar. Şeýle-de bolsa, Türkmenistan bilen Özbegistanyň Baştutanlarynyň arasynda maslahatlaşylan şertnamanyň çäginde, bu ýol Özbegistan bilen Eýranyň arasyndaky aragatnaşyk üçin täze itergi bolar” diýip, Karawaýew belledi.

Özbegistan Eýrany, Türkmenistany, Gazagystany we Russiýany birikdirýän demir ýollaryň üsti bilen“Demirgazyk-Günorta” geçelgesine birigip biler. Bu Özbegistana Hazar deňziniň we Eýranyň portlaryna girmäge mümkinçilik döreder diýip, Aleksandr Karawaýew nygtady.

Mundan başga-da, bilermeniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda maslahatlaşylan iki ýurduň ulag infrastrukturasynyň ösdürilmeginiň iri Ýewraziýa üstaşyr ugurlary gurmaga gönükdirilendir.

Şeýle ugruň ösdürilmegi Ýewraziýanyň bir bölegini hem-de Hazar sebitiniň çatrygyny döretmäge ýardam eder. Bu çatryk Hazar sebitiniň ýurtlaryny Ýewropa bazarlary bilen, günortada Hindistan bilen, gündogarda Hytaý bilen we demirgazykda Russiýa bilen birleşdirer.

Ýewraziýanyň bu özara baglanyşykly senagat we ykdysady zolaklarynda mundan beýläk-de ösüşi talap edýän transport baglanyşyklary bardyr.

“Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky şertnama bu sebitleri birleşdirmek üçin aragatnaşyklaryň sebitara ösüşiniň bir bölegidir. Şoňa görä-de, bu ýerde “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesi hem-de Hytaýyň “Bir guşak - bir ýol” başlangyjy bilen baglanyşykly ugurlar görkezilýär” diýip, Karawaýew sözüniň üstüni ýetirdi.

“Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesindäki Özbegistanyň we Türkmenistanyň gyzyklanmalarynyň Eýranyň we Hindistanyň bazarlaryna girmek bilen baglanyşyklydygyny Karawaýew belledi.

“Hindistan “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesiniň gündogar bölegini Merkezi Aziýanyň bazarlaryna girmek üçin möhüm ýol hasaplaýar. Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky demir we awto ýol aragatnaşygy, Hindistan üçin demirgazykda Azerbaýjanyň üsti bilen Russiýa gönükdirilen aragatnaşykdan hem has möhümdir” diýip, bilermen Aleksandr Karawaýew aýtdy.

Mundan başga-da, Karawaýew “Demirgazyk-Günorta” demir ýol geçelgesiniň günbatar böleginiň Azerbaýjanyň we Eýranyň çäginden geçýän ugrunyň Russiýa üçin has möhümdigini aýtdy.

“Hindistan bu demir ýol geçelgesi arkaly Ýewropa bazaryna girmegine garşy däl, emma dokma önümlerini satmak we Owganystandan dag-magdan serişdelerini we Türkmenistandan energiýa we uglewodorod serişdelerini almak üçin Merkezi Aziýa sebiti bilen aragatnaşygy ösdürmäge ünsi jemleýär” diýip, Karawaýew nygtady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022