Türkmenistan Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolar
Halkara söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasy Yslam Ösüş Bankynyň toparyna degişli bolan özbaşdak guramadyr.

Ministrler Kabinetiniň anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmagy hakyndaky Buýrugyň taslamasyny hödürledi. Bu barada Türkemenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habara görä, ýygnakda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäniň iri halkara maliýe edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýandygyny we olaryň hatarynda Yslam ösüş banky hem-de onuň düzüm bölekleriniň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz Buýrugyň hödürlenilen taslamasyna gol çekip, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň adyndan Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmak we bellenen tertipde resmileşdirmek bilen bagly işleri geçirmäge ygtyýar berdi.

Saud Arabystanyň Jidde şäherinde ýerleşýän Halkara söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasy 2008-nji ýylda döredilip, ol Yslam Ösüş Bankynyň toparyna degişli bolan özbaşdak guramadyr. Bu gurama Yslam dünýäsiniň ýurtlarynyň ilatynyň ykdysady şertlerini we girdejilerini gowulandyrmak maksady bilen söwdany ösdürmek üçin döredildi.

2022