Türkmenistanda täze gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslama başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda täze gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça taslama başlandy
Taslama 24 aý dowam edip, alty ýatagyň işe girizilmegini öz içine alýar. (Surat: “China Daily”)

“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gaz ýataklarynyň ýerüsti desgalarynyň gurluşygyna başlandy. Bu çäkde Önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk esasynda Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) işleýär. Bu barada “China Petroleum News”, “China Power News” we Hytaýyň beýleki metbugat gulluklaryna salgylanyp, Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti çarşenbe güni habar berdi.

Habara görä, ilkinji desganyň düýbüni tutmak dabarasyna Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş müdiri Çen Huaýlu gatnaşdy. Şeýle-de bu çärä Hytaýyň “China Petroleum Engineering Construction” kompaniýasynyň (CPECС) baş müdiri Lýu Haýtsýun Pekinden wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Taslamanyň çäklerinde ýataklaryň altysy – Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga beriler. Bu taslama 24 aý dowam eder.

Talamanyň dowamynda guýularyň 22-sini, gaz toplaýjy beketleriň 4-sini, turbageçirijileri, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamyny, şol sanda elektrik üpjünçilik we suw üpjünçilik ulgamlaryny, önümçilik düzüminiň beýleki desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň umumy taslama kuwwaty ýylda 1 milliard 800 million kub metr gaz çykarmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde uzak möhletli tebigy gaz önümçiligini saklamaga ýardam eder we Türkmenistan-Hytaý döwletara gaz geçirijisi arkaly ekologiýa taýdan arassa gazyň iberilmegini üpjün eder diýip, bellenilýär.

“Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gaz ýataklarynyň ýerüsti desgalarynyň taslamasyny işläp düzmek we gurmak boýunça şertnama CPECС kompaniýasy bilen şu ýylyň iýun aýynda baglaşyldy.

“China Petroleum Engineering Construction” (CPECС) kompaniýasy Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň (CNPC) golçur kompaniýasy bolup, häzirki wagtda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň gündogar böleginde ýerleşýän Günbatar Joramergen, Gökmiýar we Daşrabat ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyny amala aşyrýar.

2022