Gazyň bahalarynyň ýokarlanmagy Aziýada suwuklandyrylan gaza maýa goýumlary peseldýär

Nurmyrat Mommaýew
Gazyň bahalarynyň ýokarlanmagy Aziýada suwuklandyrylan gaza maýa goýumlary peseldýär
Suwuklandyrylan tebigy gazyň bahalaryny ýokarlanmagyna ýük gämileriniň gatnawynyň harajatlary hem täsir edýär.

Dünýäniň iň uly suwuklandyrylan tebigy gazyny import edijiler, bir ýylda bahanyň 500% ýokarlanmagy sebäpli sargytlaryny azaldýarlar. Bu bolsa esasy öndürijileriň arasynda uzak möhletleýin islege ýaramaz täsir etmek bilen baglanyşykly aladalary döredýär. Mysal üçin, Päkistanyň Energetika ministrligi Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň suwuklandyrylan tebigy gazdan arzan boljakdygy sebäpli bu taslama ykdysady taýdan has amatly bolar diýip, belleýär.

Suwuklandyrylan tebigy gazy import edijiler, şol sanda Aziýanyň ösüp gelýän ýurtlarynyň aglabasy geçen aýda iki esse ýokarlanan bahalar sebäpli howsala düşýär. Muňa garamazdan Demirgazyk Amerikadaky eksport ediji döwletler köp wagty ýola goýulmagyny talap edýän üpjünçiligiň kuwwatyny artdyrmaklyga synanyşýar. Önümçilik üçin import edilýän energiýasyna garaşly ýurtlar täze usullary gözleýärler we munuň üçin täze desgalar gurmak arkaly bökdençsiz energiýa üpjünçiligini döretmäge synanyşýarlar. Şol maksat bilen Gwadarda suwuklandyrylan tebigy gaz terminalyny we Eýrandan tebigy gazy import etmek üçin niýetlenilen iki maksatly turbageçirijini gurulmagyny Päkistan hökümetiniň strategiki ädimleriniň biri hasaplanyp, onuň Hytaý tarapyndan maliýeleşdirmekligi meýilleşdirilýär. Şu nukdaýnazardan Pakistanyň TOPH gaz geçirijisini amatly taslama hökmünde häsiýetlendirmegine esas bardyr.

Hindistan, Hytaý we Päkistan ýaly ykdysady taýdan ösýän döwletler üçin tebigy gaz nebitden we kömürden arassa ýangyç hasaplanylýar. Şol sebäpli bu ýurtlarda uglerod zyňyndylaryny azaltmak üçin tebigy gaz has amatly ýangyç hökmünde görülýär. Emma tebigy gazyň bahasynyň ýokarlanmagy ýurtlaryň elektrik üpjün edijileriniň ünsüni kömre we beýleki ykdysady, ýöne ekologiýa taýdan zyýanly ýangyçlara gönükdirýär. Hususan-da Günorta-Gündogar Aziýanyň suwuklandyrylan tebigy gaza bolan islegi köp talap etjek sebitleriň biri boljagyna garaşylýandygy esasynda gazyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli meýilleşdirilýän maýa goýumlary täzeden seljermäge mejbur edýär.

Dünýäde suwuklandyrylan tebigy gazyň importynyň 70%-ini Aziýa emele getirmegine garamazdan, bu ýerde uzak möhletli şertnamalaryň aglabasy nebit bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de bolsa, Aziýanyň importynyň 20%-ni emele getirýän Hindistan, Päkistan we Bangladeş ýaly Günorta Aziýa ýurtlarynda häzirki wagtda suwuklandyrylan tebigy gazyň birligi (metric million British thermal units) 50 ABŞ dollaryndan hem köp ýokarlanýar. Suwuklandyrylan tebigy gazyň bahalaryny ýokarlanmagy diňe bir Ýewropada gyş möwsüminiň öňüsyrasynda islegiň ýokarlanmagy netijesinde bolman, eýsem ýük gämileriniň gatnawynyň harajatlary hem täsir edýär.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalarda suwuklandyrylan gazy tebigy gaza öwürmek üçin niýetlenen desgalaryň gurluşygy suwuklandyrylan tebigy gazyň bahalarynyň ýokarlanmagy we COVID-19 pandemiýasy hökümet býujetlerine agram salýandygy esasynda yza süýşürilip bilner. Şol sebäpli Günorta-Gündogar Aziýadaky maýa goýujylaryň arasynda howsalanyň güýçlenendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda tebigy gaz turbageçirijileri durnukly we amatly alternatiw hökmünde hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan bar bolan turbalar bilen ugurdaş täze gaz geçiriji taslamalary durmuşa geçirmek dünýä syýasatynyň we ykdysadyýetiň üns merkezinde durýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty