Inçeburun serhet geçelgesinde ýük awtoulaglarynyň gatnawlary dikeldilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Inçeburun serhet geçelgesinde ýük awtoulaglarynyň gatnawlary dikeldilýär
Inçeburun serhet geçelgesi (Surat: Financial Tribune)

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyndaky Inçeburun serhet geçelgesi 20 aý çäklendirmeden soňra, penşenbe gününden başlap ýük awtoulaglarynyň üstaşyr gatnawlaryna gaýtadan hyzmat edip başlar diýip, Eýranyň gümrük gullugynyň wekili Rouhollah Latifi çarşenbe güni mälim etdi. Bu barada “Mehr News” agentligi habar berýär.

Latifiniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn gazanylan ylalaşyklara görä türkmen tarapynyň Inçeburun serhedine girizen çäklendirmesini aýyrmagy netijesinde, ýük awtoulaglarynyň gatnawlary üçin serhet terminalynyň işi gaýtadan ýola goýular.

Türkmenistan 2019-njy ýylyň martynda COVID-19 ýokanjynyň öňüni alyş çäreleri bilen baglylykda eýran-türkmen serhedine çäklendirme girizipdi.

Eýranyň eksport harytlarynyň ýük awtoulaglary arkaly Inçeburun serhediniň üsti bilen Türkmenistanyň çägine girer we ol ýerden türkmen ýük awtoulaglaryna ýüklenip soňky nokada ugradylar diýip, gümrük gullugynyň wekili belledi.

Şu ýylyň maý aýynyň başynda Eýranyň demirgazygyndaky Gülüstan welaýatynyň häkimi Hadi Hagşenas Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun şäherinde erkin ykdysady zolagyny döretmek baradaky Kanunyny Eýranyň Maksadalaýyklygy kesgitleýiş geňeşi tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy. Teklip edilýän erkin ykdysady zolak 12 müň 500 gektar meýdany tutar.