Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda iri piwo öndürijileriniň biri bolan “Biýat” hususy kärhanasyna 3 million ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesiniň gönükdirilmegini tassyklady. Bu barada ÝTÖB-niň internet sahypasynda penşenbe güni habar berildi.
ÝTÖB-niň habaryna görä, karz serişdeleri işlenilen däneleri haýwanlaryň we balyklaryň iýmine öwürmegi ýola goýmak boýunça täze önümçilik taslamasyna gönükdiriler.
Şeýle-de “Biýat” karz serişdelerini kompaniýanyň önümleriniň görnüşini diwersifikasiýalaşdyrmaga, harytlarynyň paýlanyşygyny ýokarlandyrmak hem-de dolanyşykda bolan maýa zerurlyklaryny goldamak üçin sarp eder.
1996-njy ýylda döredilen “Biýat” hususy kärhanasy “Zip” haryt nyşany bilen içgileri öndürýär.
ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 80-den gowrak taslama 300 million ýewro töweregi maýa goýdy.