ÝTÖB “Biýat” kompaniýasyna $3 million karz serişdesini berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB “Biýat” kompaniýasyna $3 million karz serişdesini berýär
“Biýat” karz serişdelerini işlenilen däneleri haýwanlaryň we balyklaryň iýmine öwürmegi ýola goýmak boýunça täze önümçilik taslamasyna gönükdirer.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanda iri piwo öndürijileriniň biri bolan “Biýat” hususy kärhanasyna 3 million ABŞ dollary möçberinde karz pul serişdesiniň gönükdirilmegini tassyklady. Bu barada ÝTÖB-niň internet sahypasynda penşenbe güni habar berildi.

ÝTÖB-niň habaryna görä, karz serişdeleri işlenilen däneleri haýwanlaryň we balyklaryň iýmine öwürmegi ýola goýmak boýunça täze önümçilik taslamasyna gönükdiriler.

Şeýle-de “Biýat” karz serişdelerini kompaniýanyň önümleriniň görnüşini diwersifikasiýalaşdyrmaga, harytlarynyň paýlanyşygyny ýokarlandyrmak hem-de dolanyşykda bolan maýa zerurlyklaryny goldamak üçin sarp eder.

1996-njy ýylda döredilen “Biýat” hususy kärhanasy “Zip” haryt nyşany bilen içgileri öndürýär.

ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 80-den gowrak taslama 300 million ýewro töweregi maýa goýdy.