“Belli Creative” ygtybarly brendleriň döredilmeginde kreatiw çözgütleri hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Belli Creative” ygtybarly brendleriň döredilmeginde kreatiw çözgütleri hödürleýär
Studiýanyň hünärmenler topary ýerli bazarlarda sarp edijileriň uly söýgüsini gazanan önümleriň ençemesiniň brend keşbini kemala getirdi.

Häzirki döwürde bir önümiň adamlary özüne çekip bilmegi, olaryň aňyna ornaşmagy önümiň öz hili bilen deň derejede ähmiýete eýe bolup başlady. Şol sebäpli diňe önümiň hili däl, eýsem, onuň ady, gap dizaýny we brend keşbi hem örän uly orun eýeleýär. Şuňa meňzeş meselelere kreatiw çözgütleri Türkmenistanda 2014-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän “Belli Creative” studiýasy hödürleýär.

“Belli Creative” studiýasynyň sişenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, ýedi ýyldan gowrak tejribesi bolan kompaniýa kreatiw hyzmatlar babatda uly meşhurlyga eýedir. Studiýanyň hünärmenler topary ýerli bazarlarda sarp edijileriň uly söýgüsini gazanan önümleriň ençemesiniň brend keşbini kemala getirdi, olar üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän atlary döretdi. “Belliso”, “Flink”, “City”, “Baltea”, “Bold” ýaly özüne çekiji brendleriň ençemesi “Belli Creative” studiýasy tarapyndan döredildi.

Studiýa öz işine örän tapawutly çemeleşýär. Bir brend ýa-da önüm dizaýn edilende onuň diňe estetiki aýratynlyklary däl, eýsem, ýerli we dünýä bazaryndaky strategik orny we marketing dili hem kesgitlenýär. Ençeme gözlegler alnyp barlyp, önümiň iň esasy potensial erkek we zenan müşderileri ýaşy we girdeji aýratynlyklary göz öňünde tutmak arkaly anyklanýar.

“Belli Creative” studiýanyň kreatiw çözgütleriniň biri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «Ekspo — 2020» Bütindünýä sergisindäki Türkmenistanyň pawilýony üçin döreden maglumat nawigasiýa ulgamyny almak bolar.

Ýeri gelende bellesek «Belli Creative» studiýasy ýurdumyzda geçirilen ençeme halkara çäreleriniň brend keşbiniň döredilmegine işjeň gatnaşdy. Olaryň hatarynda «Aşgabat 2017» Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň brend keşbini, şeýle hem alyjylaryň söýgüsini gazanan «Bold», «Baltea», «Asuda» ýaly ýerli brendleriň keşbini mysal bermek mümkin.

Ýakynda studiýa öz web saýtyny (www.bellicreative.com) hem täzeledi. Täze saýt studiýanyň kreatiw topary tarapyndan dizaýn edilen işleriň uly tapgyryny özünde jemleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022