Türkmenistan we Eýran ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek meselesine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Eýran ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek meselesine seretdiler
Ministrler Raşid Meredow we Hosseýn Amir Abdollahiýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň giňeldilmegine meýil bildirýändiklerini tassykladylar. (Surat: Eýranyň DIM-i)

Tähranda sişenbe güni Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, energiýa serişdelerini ibermek bilen bagly meselelere seretdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda ministrler Raşid Meredow we Hosseýn Amir Abdollahiýan özara bähbitli gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-eýran gatnaşyklarynyň giňeldilmegine meýil bildirýändiklerini tassykladylar.

Diplomatlar ulag meselesini ara alyp maslahatlaşyp, Türkmenbaşy–Bender-Enzeli ugry boýunça deňiz ýük gatnawlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen özara hereketleriň güýçlendirilmeginiň wajyplygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe gönükdirilen sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Şeýle hem Hazar deňziniň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygyny bellediler.

Ministrler sanitar-epidemiologiýa görkezijileriniň kadalaşmagyndan soňra, türkmen-eýran serhedinde ýene bir barlag-geçiş nokadynyň üstünlikli işläp başlandygyny bellediler.

Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda bilelikdäki maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan, taraplar syýasy geňeşmeleriň indiki tapgyrynyň 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda geçirilmegi babatynda ylalaşdylar.

Saparyň çäginde şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljekde has hem işjeňleşdirilmegine bolan özara gyzyklanmany beýan etdiler.

2022