Şu ýylyň ilkinji alty aýynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň awstriýaly kärdeşi Mihael Linhart bilen sişenbe güni Aşgabatda geçiren duşuşygynyň dowamyndaky çykyşyna salgylanyp, “ORIENT” agentligi habar berýär.
Meredow pandemiýa garamazdan geçen ýyl ikitaraplaýyn söwdanyň 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 2,5 esse artandygyny belledi.
"Biziň ýurtlarymyz arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdylanda, maýa goýum, senagat, logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar, söwda we saglygy goraýyş ýaly ugurlarda örän uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin" diýip, Türkmenistanyň baş diplomaty Meredow duşuşygyň dowamynda aýtdy we bu ugurlarda ýurtlaryň hususy kompaniýalaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem Türkmen diplomaty indiki ýyl meýilleşdirilýän Türkmen-Awstriýa bilelikdäki toparynyň nobatdaky mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Awstriýanyň Ýewropa we halkara gatnaşyklary federal ministrligiň arasynda 2022-2023-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça maksatnama gol çekildi.
Awstriýanyň Daşary işler ministri Mihael Linhart Aşgabada sapary onuň Merkezi Aziýa ýurtlaryna saparynyň çäginde amala aşyrylýar. Onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýete işewürler, şol sanda saglygy goraýyş (VAMED, “AME International GmbH”), maliýe hyzmatlary (“Österreichische Kontrollbank AG”), energiýa (“”Solkav E.V.”, “Geppert GmbH”), çaphana (“Heidelberger”) we gurluşyk (Waagner-Biro) pudaklarynda işleýän kompaniýalaryň wekilleri girýär.