“Zerger” kärhanasy nebit önümleriniň saklanyş göwrümini artdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Zerger” kärhanasy nebit önümleriniň saklanyş göwrümini artdyrar
Häzirki wagtda kärhanada umumy sygymy 10 müň kubmetre barabar bolan dik çanlaryň 6-synyň gurluşyk işleri tamamlandy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Lebap welaýatynda ýerleşýän Türkmenabat nebit önümleri kärhanasynyň “Zerger” şahamçasynda kömekçi we senagat binalaryny abatlamak hem-de gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Ýakyn geljekde hersiniň sygymy 100 kubmetre barabar bolan dik çanlaryň 8-sini gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazetiniň çarşenbe güni habar berşi ýaly, häzirki wagtda kärhanada umumy sygymy 10 müň kubmetre barabar bolan dik çanlaryň 6-synyň gurluşyk işleri tamamlandy.

Bellenilişi ýaly, bu wajyp iş “Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylýar.

Kärhanany dürli görnüşli nebit önümleri bilen üpjün ediji Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumydyr (TNGIZT).

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022