Türkmenistanyň Merkezi banky YHG güni mynasybetli şaýy pullary çykardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Merkezi banky YHG güni mynasybetli şaýy pullary çykardy
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň binasy

Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) gününde Aşgabatda YHG-na agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze şaýy pullar Singapur Respublikasynyň “Eng Leong Medallic Industries Pte Ltd” kompaniýasy tarapyndan ýasaldy. Şaýy pullaryň ýüz tarapynda Ýer togalagynyň şekili, onuň merkezinde YHG-nyň nyşany ýerleşdirildi. Ýüz tarapynyň ýokarky we iki gapdal böleginde “YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNA AGZA DÖWLETLERIŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ 15-NJI DUŞUŞYGY” diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň çykarylan senesi “2021” we iki sany kiçijek sekizburçly şekiller ýerleşdirildi.

Altyn pullaryň diametri 38,61 millimetre deň bolup, agramy 39,94 gramdyr. Olaryň mähegi örän ýokary bolup, 916,7-ä deňdir. Kümüş şaýy pullar 925 mähekli kümüşden ýasaldy. Olaryň diametri altyn puluňky ýaly bolup, agramy 28,28 grama deňdir. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň olara goşulýan güwänamasy şaýy pullaryň “pruf” hilini kepillendirýär.

Şaýy pullaryň ikisiniň hem arka tarapynyň merkezi böleginde Türkmenistanyň Döwlet tugrasy ýerleşdirilip, onuň daşyndan puluň ýokarky böleginde, aýlaw bilen “TÜRKMENISTANYŇ MERKEZI BANKY” diýen ýazgy, aşaky böleginde şaýy puluň gymmatyny görkezýän “ÝÜZ MANAT” diýen ýazgy şekillendirildi. Onuň çep tarapynda täze şaýy pullaryň mähegi hem-de agramy görkezilýär. Ýazgylar öz aralarynda kiçijek sekizburçly şekiller bilen bölünýär.

Ýokary derejedäki bu duşuşyk paýtagtymyzda Türkmenistanyň 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.

YHG 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin döwletara ykdysady guramadyr. Eýran, Türkiýe, Päkistan, Owganystan, Türkmenistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan we Azerbaýjan bu guramanyň agzalarydyr. Türkmenistan 1992-nji ýylda YHG-nyň agzasy boldy.

2022