Merkezi Aziýanyň we Günorta Koreýanyň işewürleri bilelikdäki taslamalaryň geljegine garadylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýanyň we Günorta Koreýanyň işewürleri bilelikdäki taslamalaryň geljegine garadylar
Forum işewür toparlaryň mundan beýläkki söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi. (Surat: Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy)

Täjigistanyň Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisiniň çäklerinde Foruma gatnaşyjy-ýurtlaryň söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we işewür toparlarynyň gibrid görnüşde gatnaşmaklarynda Merkezi Aziýanyň we Günorta Koreýanyň birinji Işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Günorta Koreýanyň arasynda eksport mümkinçiligini ösdürmek maksady bilen elektron söwda, oba hojalygy, azyk howpsuzlygy, senagat ösüşi, ulag we logistika, maýa goýum hyzmatdaşlygy ýaly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde kiçi we orta kärhanalary çekmäge gönükdirilen meseler babatynda pikir alyşdylar.

Täjigistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Işewürler forumyna Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler (TSTB) birleşmesiniň başlygy Döwran Hudaýberdiýew wekilçilik etdi. Şeýle hem, foruma Koreýa inženerler assosiasiýasynyň müdiri we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, bu çäre Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Günorta Koreýanyň arasynda 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda gol çekilen Işewürlik Geňeşini döretmek baradaky Özara düşünişmek Ähtnamasyny durmuşa geçirmek, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Günorta Koreýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen gurnaldy.

Forum hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda ileri tutulýan ugurlarda işewür toparlaryň mundan beýläkki söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Işewürlik forumynyň çäklerinde telekeçileriň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem geçirildi.

2022