“Monotype” kompaniýasy türkmen şriftini satuwa çykardy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Monotype” kompaniýasy türkmen şriftini satuwa çykardy
“Belli Creative” studiýasynyň hünärmenleri “Garagum” şriftiniň döredilmegi ugrunda dört aý töweregi zähmet siňdirdiler.

ABŞ-da ýerleşýän “Monotype” kompaniýasy taryhda ilkinji gezek Türkmenistanda döredilen şrifti özüniň “Myfonts” platformasynda satuwa çykardy.

“Belli Creative” studiýasynyň sişenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatyna görä, “Garagum” diýlip atlandyrylan, bezeg işleri üçin niýetlenen bu şrift 2014-nji ýyldan bäri brending we grafika pudagynda hyzmat edip gelýän “Belli Creative” studiýasynyň hünärmenleri tarapyndan döredildi. Bu şriftiň 238 glifden, 13 harp alternatiwinden we birnäçe ligaturadan ybarat bolan tehniki häsiýetnamasy diňe türkmen dilinde däl, Günbatar Ýewropa dilleriniň aglabasynda ýazmak üçin zerur bolan diakritiki häsiýetleri özünde jemleýär.

Studiýanyň hünärmenleri şriftiň döredilmegi ugrunda dört aý töweregi zähmet siňdirdiler.

Şriftiň tehniki häsiýetnamasy barada “Myfonts” platformasynda giňişleýin tanyşmak mümkindir. Şeýle hem “Belli Creative” studiýasynyň web sahypasynda ýörite bölüm taýýarlanylyp, onda şriftiň estetiki aýratynlyklary we mümkinçilikleri barada giňişleýin tanyşmak mümkin.

1887-nji ýylda esaslandyrylan “Monotype” kompaniýasy dünýäde iň kän ulanyja eýe bolan “Times New Roman”, “Arial”, “Gill Sans” ýaly şriftleri döretmegi bilen meşhurlyga eýedir. Kompaniýanyň 2000-nji ýyldan bäri hyzmat berip gelýän “Myfonts” platformasy 60 müňe golaý şrifti özünde jemleýär we tutuş dünýäde şrift babatynda birinji orny eýeleýän söwda meýdançasy bolup durýar.

2022