Türkmenistan şu ýyl Russiýa 10 milliard kubmetr tebigy gaz iberdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan şu ýyl Russiýa 10 milliard kubmetr tebigy gaz iberdi
Indiki ýyl mawy ýangyjyň satyn alynmagynyň ýokarlanmagy “Gazprom” kompaniýasynyň geljek meýilnamalaryna baglydyr. (Surat: “Gazprom”)

Türkmenistan 2021-nji ýylda Russiýa takmynan 10 milliard kubmetr tebigy gaz iberdi, bu bolsa 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse köpdür. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň anna güni geçiren metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine salgylanyp, “Orient” internet neşiri habar berdi.

Ilçiniň aýtmagyna görä, indiki ýyl mawy ýangyjyň satyn alynmagynyň ýokarlanmagy hem ähtimal, ýöne bu “Gazprom” kompaniýasynyň geljek meýilnamalaryna  baglydyr.

Blohin Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa türkmen gazynyň ugradylmagynyň geljegi barada durup geçip, munuň gaty kyndygyny hem-de serişde talap edýändigini aýtdy.

Ilçi Aşgabadyň Hazar gaz geçirijisini ulanmazdan mawy ýangyç üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.

Noýabr aýynda Gollandiýadaky TTF tebigy gaz biržasynda (Ýewropanyň esasy gaz söwda biržasy) gazyň 1 müň kubmetriniň ortaça bahasy 945 ABŞ dollaryna, dekabr aýynda bolsa onuň ortaça bahasy 1 müň 205 ABŞ dollaryna barabar boldy.

2022