Geçen 2021-nji ýylda dünýäde bolup geçen käbir möhüm wakalar dünýä ykdysadyýetine öz täsirini ýetirdi. Geçen ýylda dünýäde bolup geçen iň möhüm wakalaryň biri hem gürrüňsiz Covid-19 pandemiýasy we onuň netijelerinden ybarat boldy. Bütin dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy sanjym işleriniň çaltlaşmagy bilen baglylykda, söwdanyň gaýtadan dikeldilmegi öz gezeginde global islegiň ýokarlanmagyna sebäp boldy.
Dünýä bazarlary bilen baglanyşykly birnäçe çylşyrymly ýagdaýlar ýüze çyksa-da, esasy iki möhüm waka dünýä bazarlaryna çuňňur täsir etdi. Olaryň birinjisi üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler, ikinjisi bolsa energiýa bahalarynyň ýokarlanmagydyr.
Üpjünçilik zynjyry
Üpjünçilik zynjyry meselesi global söwda bilen baglanyşykly esasy meseleleriň biridir. Başgaça aýdylanda, pandemiýa diňe bir saglyk meselesi bolman, eýsem, global üpjünçilik zynjyry meselesine öwrüldi. Pandemiýa sebäpli çig mal üpjünçiliginde çynlakaý meseleler ýüze çykyp, bu ýagdaý önümçilikde ençeme bökdençlikleri emele getirdi. Awtoulag pudagynda çip ýetmezçiliginiň döremegine COVID-19 pandemiýasy sebäpli kompýuterler, planşetler we ykjam telefonlar ýaly sarp ediş elektronika harytlaryna bolan islegiň ýokarlanmagy sebäp boldy. Gysgaça aýdylanda, ýaşaýyş jaý çykdajylary (kommunal çykdajylar) we öýde işlemek bilen baglanyşykly elektron enjamlaryň sarp edilişi ýokarlandy. Elektrik harytlarynyň sarp edilişiniň ýokarlanmagy çip üpjünçiliginde meseleleriň döremegine sebäp boldy, şeýle hem awtoulag ýaly käbir pudaklarda önümçilik wagtlaýyn togtadyldy we olaryň bahalary ýokarlandy.
Energiýa bahalarynyň ýokarlanmagy
2021-nji ýylyň birinji ýarymyndan başlap, dünýäniň iri LNG (suwuklandyrylan gaz) sarp ediji ýurtlary bolan Ýaponiýa, Hytaý we Günorta Koreýada howanyň aşa sowuk bolmagy suwuklandyrylan gaza bolan islegi ýokarlandyryp, LNG üpjünçiliginde bökdençlikleri döretdi we bahalaryň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Tebigy gazyň bahasynyň indeksi 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 234,9% artyp, energetika harytlarynyň umumy bahalarynyň ýokarlanmagynda möhüm orny eýeledi.
2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde çig nebitiň bahasy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 111,0% ýokarlandy. Pandemiýanyň öňüni alyş çäreleriniň gowşadylmagy netijesinde, global islegiň barha artmagy, COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymda ýokary görkezijileriň gazanylmagy we dünýä ykdysadyýetiniň garaşylandan çalt dikelmegi babatyndaky çaklamalaryň esasynda 2021-nji ýylyň iýun aýynda Brent çig nebitiniň bir barreliniň ortaça bahasy 73,13 ABŞ dollaryna çenli ýokarlandy. Tebigy gazyň bahasy Ýewropada 1700 ABŞ dollaryndan hem geçdi we howanyň sowuk boljakdygy baradaky çaklamalar esasynda bahalaryň gysga wagtda pese gaçmagyna garaşylmaýar.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty