Hytaý 2021-nji ýylda 34 milliard kubmetr türkmen gazyny import etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý 2021-nji ýylda 34 milliard kubmetr türkmen gazyny import etdi
2009-njy ýylda Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kubmetrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi. (Surat: AÖB)

Türkmenistan 2021-nji ýylda Hytaýa 34 milliard kubmetre golaý tebigy gaz eksport etdi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Lebap welaýatynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna amala aşyran saparynyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.

Çen Huaýlun 2003-nji ýyldan bäri Türkmenistanda işleýändigini belläp, türkmen-hytaý nebitgaz hyzmatdaşlygynyň täze eýýamynyň başlanmagynyň şaýady bolandygyna ünsi çekdi.

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda 2007-nji ýylyň 17-nji iýulynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen CNPC korporasiýasynyň arasynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilendigini aýtdy. Häzirki wagtda şertnamalaýyn çäginde 29 sany gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilýändigi we jemi 137 sany guýudan tebigy gazyň alynýandygy bellenildi.

Çen Huaýlun 2021-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kubmetre ýakyn tebigy gazyň iberilendigini nygtady.

Myhman 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda “Malaý” gaz gysyjy bekediniň ulanylmaga tabşyrylmagynyň gyşky ýyladyş möwsüminde tebigy gazyň Hytaýa bökdençsiz iberilmegini üpjün edendigini aýdyp geçdi. 2009-njy ýylda Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kubmetrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberilendigi bellenildi.

Şeýle hem, geçen ýylyň awgustynda “Galkynyş” gaz ýatagynda 3 sany guýyny burawlamak taslamasynyň durmuşa geçirilip başlanandygyna üns çekip, Çen Huaýlun CNPC-niň bu guýularyň gurluşyk işlerini 2022-nji ýylda tamamlamak üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Myhman sözüniň ahyrynda bütin dünýäniň häzirki wagtda pes uglerodly bölünip çykmalaryň gazanylmagyny üpjün etmäge tarap geçýändigini we tebigy gazyň esasy energiýa sarp edilişindäki paýynyň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny belläp, Türkmenistanyň halkara energiýa ulgamynda has möhüm orny eýeleýändigini nygtady.

Türkmenistanda täze ýüze çykarylan gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gaz gorlarynyň möçberi 126 milliard kubmetr artdy.