“Çalık Enerji” Türkmenistanda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Çalık Enerji” Türkmenistanda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar
Türk kompaniýasy köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynynyň gurluşygyny Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda alyp barar.

Türkiýäniň “Çalık Enerji” energiýa kompaniýasy Türkmenistanda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar.

Wise-premýer Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynyň çäklerinde Energetika ministrligi tarapyndan köpugurly elektrik stansiýasyny gurmak boýunça yglan eden halkara bäsleşiginiň jemleri boýunça Türkiýäniň kompaniýasynyň seçilip alnandygyny habar berdi.

 “Çalık Enerji” kompaniýasy bu desganyň gurluşygyny Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda “Altyn Asyr”  Türkmen kölüniň töwereginde alyp barar. Kompaniýa “Serdar” elektrik bekedini ýurdumyzyň elektrik geçiriji ulgamy bilen birikdirjek 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini hem gurar.

Ç.Purçekow desganyň ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etjekdigini aýtdy. Şeýle-de wise-premýer munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täsin taslamadygyny aýdyp, bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu meseläniň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak we düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler üçin ähmiýetiniň örän uludygyny nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz “ýaşyl” energiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän zerurdygyny aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ykdysady taýdan bähbitli alternatiw energetika desgalarynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň, şol sanda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek baradaky meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Abu-Dabi Ösüş gaznasy (ADÖG) we Türkmenistanyň Hökümeti 2021-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanda bahasy 92 million dirhama (takmynan 25 million ABŞ dollara) barabar bolan gibrid usulda işleýän 10 megawatlyk elektrik stansiýasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek boýunça şertnama gol çekdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022