“John Deere” Türkmenistana gurluşyk tehnikalaryny getirmegi meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“John Deere” Türkmenistana gurluşyk tehnikalaryny getirmegi meýilleşdirýär
Ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy “John Deere” hem-de “Wirtgen” kompaniýalarynyň ýol-gurluşyk tehnikalaryny getirmek babatda serişdeleriň talap edilýän görnüşlerini öwrener. (Surat: John Deere)

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we gurluşyk tehnikalaryny getirmek boýunça teklip edendigini habar berdi.

Olara garamagyň hem-de seljermegiň esasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere” kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de hususy we telekeçilik ulgamlarynda suw serişdelerini tygşytlamak meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär diýip, wise-premýer aýtdy.

Şeýle hem, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, tejribe alyşmak we okuwlary guramak, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, serişdeleri tapgyrlaýyn çekmek göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumy bu kompaniýa bilen bilelikde “John Deere” hem-de “Wirtgen” kompaniýalarynyň ýol-gurluşyk tehnikalaryny getirmek babatda serişdeleriň talap edilýän görnüşlerini öwrenmek üçin hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly işleri geçirmegi meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň Hökümetiniň we “John Deere” kompaniýasynyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan “Deere Credit” kompaniýasynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almak boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmegiň teklip edilýändigini aýtdy. Şeýle-de, wise-premýer degişli işleriň 2019-2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçmek boýunça meýilnamanyň çäklerinde amala aşyryljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen teklipleri makullap, “John Deere” kompaniýasynyň tehnikalary Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde netijeli işlemäge ukyplydygyny belläp, pudagyň tehniki toplumynyň telematik sanly ulgama geçirilmegi oba hojalyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de tutuşlygyna onuň önümçiliginiň düşewüntliligini artdyrmaga ýardam berjekdigini nygtady.

2022