Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 77 milliard manatdan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen banklarynyň bölüp beren karzlarynyň möçberi 77 milliard manatdan geçdi
2021-nji ýylyň dekabr aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 15 milliard 129 million manada deň boldy.

Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2021-nji ýylyň dekabr aýy ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 77 milliard 199 million manada deň bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 10,8% artdy. 2020-nji ýylyň dekabr aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 69 milliard 729 million manada deň boldy.

2021-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 54 milliard 24 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,7% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylyň dekabr aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 51 milliard 620 million manada deň boldy.

Şeýle hem, 2021-nji ýylyň 1-nji dekabr ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 8 milliard 46 million manada barabar bolup, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 56,5% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň dekabr aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 5 milliard 141 million manada deň boldy.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylyň dekabr aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 15 milliard 129 million manada deň bolup, bu görkeziji 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,7% ýokarlandy. 2020-nji ýylyň dekabr aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 12 milliard 968 million manada barabar boldy.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.

Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna hem-de ygtyýarly karz edaralaryna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň berlen karz serişdelerinden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä gaýtarylman galan galyndylarynyň, şeýle hem geçen döwürde hasaplanyp tölenilmedik göterim tölegleriniň tölenilmeli möhletlerini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli gaýra süýşürmäge ygtyýar berildi.

2022