Türkmenistan wodorod energetikaly geljege taýýarlanýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan wodorod energetikaly geljege taýýarlanýar
Wodorod energetika pudagyny ösdürmek üçin milli strategiýasyny işläp taýýarlamak teklip edildi.

Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy işlenip düzüldi. Bu taslama milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen baglanyşykly çäreler toplumyny öz içine alýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýol kartasynyň taslamasynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

R.Meredow soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp döredilen resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar.

Wise-premýer resminamanyň taslamasyny Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürläp, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA) ýaly ýöriteleşdirilen guramalar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, IRENA-nyň Türkmenistanda wodorod energiýasy boýunça merkezini açmak, wodorod energetika pudagyny ösdürmek üçin milli strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Şeýle-de energiýa serişdeleriniň bu görnüşini öndürmek, saklamak we daşamak üçin degişli düzümleriň döredilmegi hem-de oňa uly möçberde maýa goýumlaryň çekilmegi bilen baglylylykda, Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça Pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Alternatiw energetika bu ugurda milli strategiýany durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Wodorodyň geljegiň ýangyjy hökmünde çeşmeleriň biri bolup durýandygyny belläp, Milli Liderimiz ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler babatda ony öndürmegiň hem-de ulanmagyň wajypdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreleri görjekdigini nygtap, Raşid Meredowa bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

2022