Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,2% ösdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ykdysadyýeti 6,2% ösdi
Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,7% köpeldi.

Şu ýylyň ýanwar aýy boýunça Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Şeýle-de hasabat döwründe ösüş depgini senagat pudagynda 7,40%-e, gurluşykda 0,3%-e, ulag-kommunikasiýa toplumynda 4%-e, söwdada 8,8%-e, oba hojalygynda 3,2%-e, hyzmatlar ulgamynda bolsa 6,1%-e barabar boldy.

Ýanwar aýynda öndürilen önümleriň derejesi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,7% artdy.

Hasabat döwründe bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,9% artdy. Bu döwürde daşary söwda dolanyşygy 6,3% artdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň deslapky jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102%, çykdajy böleginiňki bolsa 83,2% berjaý edildi.

Ähli pudaklar boýunça özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen meýilnamalaýyn görkezijileriň degişli derejede ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklar berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022