Türkmen tebigy gaz eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy: täze ugurlar

Nurmyrat Mommaýew
Türkmen tebigy gaz eksportynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy: täze ugurlar
Hytaýyň tebigy gaza bolan isleginiň 2040-njy ýyla çenli 600 milliard kubmetre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Merkezi Aziýa-Hytaý turbageçirijileri Hytaýyň “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň energiýa ugrunyň iň möhüm bölegini emele getirýär. Bu turbageçiriji ulgamy Hytaý-Mýanma turbageçirijisi bilen bir hatarda Hytaýyň gaz üpjünçiliginiň iň wajyp ugrudyr. Merkezi Aziýa-Hytaý turbageçirijisi A, B, Ç we D şahalaryndan emele gelip, D şahasy häzirlikçe taslama tapgyryndadyr. Ilkinji üç turbageçiriji Türkmenistanyň Bagtyýarlyk gaz ýatagyndan gözbaş alýar we Özbegistan hem-de Gazagystanyň serhedinden geçip, Hytaýyň Sinszýan sebitindäki Horgos serhedinden ýurda girýär. Ugurdaş çekilen A we B turbageçirijileriň uzynlygy 1 müň 833 kilometre deň bolup, olar degişlilikde 2009-njy we 2010-njy ýyllarda ulanmaga berildi. Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň subkomiteti tarapyndan çap edilen hasabata görä, bary-ýogy 18 aýyň içinde gurlan turbageçiriji şu güne çenli dünýäde iň çalt gurlan turbageçiriji bolup durýar. Ç şahasynyň gurluşygy 2011-nji ýylda başlanyp, 2014-nji ýylyň maý aýynda tamamlandy we A, B şahalary bilen ugurdaş çekildi. Turbageçirijileriň Türkmenistanyň serhedindäki umumy uzynlygy 184,5 kilometre, Özbegistandan geçýän böleginiň uzynlygy 490 kilometre barabar bolup, galan bölegi Gazagystanyň serhedinden geçip Hytaýa baryp ýetýär.

Hytaýyň tebigy gaza bolan isleginiň 2040-njy ýyla çenli 600 milliard kubmetre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, Hytaý ABŞ-dan soň dünýäniň ikinji iri bazaryna hem-de gaz sarp edilişiniň iň uly çeşmesine öwrüler. 2007-nji ýyla çenli Hytaý tebigy gaz zerurlyklaryny öz baýlyklaryndan kanagatlandyrdy. Şeýle-de bolsa, 2007-nji ýylda Hytaý ilkinji gezek tebigy gazy import etdi we şol günden soňra ýurduň tebigy gaz importy günsaýyn ösdi.

Hytaýyň importyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyndan ugur alyp, Awstraliýa, Katar we Demirgazyk Afrika ýaly ýurtlardan suwuklandyrylan tebigy gazyň importy göz öňünde tutulanda, türkmen gazy ýurduň energiýa bazarynda möhüm orny eýeleýär. Iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnamalar hem-de Hytaýyň Türkmenistana maýa goýumlary, şeýle-de Hytaýyň “Bir guşak – bir ýol” başlangyjy göz öňünde tutulanda, türkmen gazynyň Hytaý bazarynda geljegi uludyr. Hytaýyň tebigy gaz importynyň ýokarlanmagy bilen bir hatarda türkmen gazynyň bu ýurda eksporty hem artýar we iki ýurt tebigy gaz söwdasynyň möçberini ýylda 65 milliard kubmetre ýetirmegi maksat edinýärler.

Hytaýyň suwuklandyrylan gaz importynyň esasy çeşmeleri Günorta-Gündogar Aziýa, Awstraliýa we Katar bolsa-da, çalt depginde artýan tebigy gaz islegini kanagatlandyrmak üçin suwuklandyrylan gazyň import çeşmelerini diwersifikasiýa ýoly bilen giňeldýär. Hytaý häzirki wagtda turbageçirijiler arkaly import edýän tebigy gazynyň iň uly möçberini Türkmenistandan alýar. Hytaýyň 2017-nji ýylda umumy tebigy gaz importy 92 milliard kubmetre barabar bolup, onuň 39,2 milliard kubmetri turbageçirijiler arkaly, 52,6 milliard kubmetri bolsa suwuklandyrylan tebigy gaz görnüşinde import edildi.

Hytaýyň suwuklandyrylan görnüşinde tebigy gaz importynyň möçberiniň turbageçirijiler arkaly tebigy gaz importyndan has ýokary bolmagynyň sebäpleriniň biri hem turbageçirijileriň ýetmezçiligidir. 2018-nji ýyldan bäri Türkmenistan-Hytaý turbageçirijisi doly kuwwatyna golaýlady. Bar bolan turbageçirijiler Hytaýyň barha artýan tebigy gaz islegini kanagatlandyrmak üçin ýeterlik däldir, şonuň üçin ýurt täze turbageçirijileri durmuşa geçirmäge taýýardyr.

Transhazar gaz geçirijisi

Hazar deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän türkmen gazyny Hazaryň üsti bilen turbageçiriji arkaly Azerbaýjana, Türkiýä we Ýewropa ugratmaklygy göz öňünde tutýan bu taslama uzak wagtdan bäri gün tertibinde bolup durýar. Hazar deňziniň gündogar kenar ýakasy, esasanam türkmen gazy, on ýyla golaý wagt bäri Ýewropa ýurtlarynyň tebigy gaz üpjünçiliginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy boýunça strategiýasynyň üns merkezinde boldy.

Ýewropanyň gaz importyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça syýasatynyň esasy sütünleriniň biri bolan Günorta gaz geçirijisiniň iň möhüm çeşmesi türkmen gazydyr. Türkmen gazynyň Ýewropa ugradylmagynda turbageçirijileriň möhüm bölegini Transhazar gaz geçirijisi emele getirýär.

Energiýa bazaryndaky üýtgeşmelere we täze mümkinçilikleriň döremegine garamazdan, türkmen gazy bar bolan ähli üpjünçilik çeşmeleriniň arasynda energiýa bahalaryna täsir edýän iň oňaýly serişdedir, şol bir wagtyň özünde ol Ýewropa Bileleşigine (ÝB) uglerod zyňyndylaryny azaltmak üçin ykdysady taýdan hem bähbitlidir. Türkmen gazy bäsdeşligi güýçlendirer we şol bir wagtyň özünde tebigy gaz bazarynyň ösüşine itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, potensial üpjünçiligiň möçberi we ÝB-ne ugradylýan tebigy gazyň bahasy göz öňünde tutulanda, özboluşly mümkinçilik bolup görünýär. ÝB-niň türkmen gazyna bolan gyzyklanmasy Transhazar gaz geçirijisini Günorta gaz geçelgesiniň aýrylmaz bölegine öwürýär.

Bu gaz geçirijiniň Azerbaýjanyň üsti bilen Günorta Kawkaz turbageçirijisine, soňra bolsa TANAP we TAP turbageçirijilerine birikdirilmegi meýilleşdirilýär.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022