Türkmenistan Gruziýany nebit önümleri bilen üpjün ediji esasy ýurt boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Gruziýany nebit önümleri bilen üpjün ediji esasy ýurt boldy
Gruziýanyň 2021-nji ýylda Türkmenistandan import eden nebit we gaz önümleriniň möçberi 103,1% ýokarlandy.

Türkmenistan 2021-nji ýylda nebit önümleri bilen Gruziýany esasy üpjün ediji ýurt boldy. Şol döwürde Gruziýa 191 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen nebit önümlerini import etdi. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,1% ýokarlandy. 2020-nji ýylda Türkmenistan Gruziýa 67 million ABŞ dollaryna barabar bolan nebit önümlerini eksport etdi.

Gruziýanyň Türkmenistandan import eden nebit we gaz önümleriniň möçberi 103,1% ýokarlandy, başgaça aýdylanda 149 müň 711 tonnadan (2020-nji ýyl) 304 müň 193 tonna (2021-nji ýyl) çenli artdy. Bu barada Azerbaýjanyň “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.

2021-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistandan Gruziýa iberilen nebit önümleri 16 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 153,9% artdy. 2020-nji ýylda eksport edilen türkmen nebit önümleri 6 million 300 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Mundan başga-da, 2021-nji ýylda nebit önümleri bilen Gruziýany üpjün ediji esasy döwletler Russiýa (134 million 600 müň ABŞ dollary) we Rumyniýa (133 million 700 müň ABŞ dollary) boldy.

Geçen ýyl Gruziýa 822 million 500 müň ABŞ dollaryna deň bolan nebit we gaz önümlerini import etdi. Bu görkeziji 2020-nji ýyl (498 million 600 müň ABŞ dollary) bilen deňeşdirilende 64,9% artdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022