Aşgabatda OGT 2022 halkara nebitgaz forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda OGT 2022 halkara nebitgaz forumy geçiriler
Bu çärä öňdebaryjy milli we halkara guramalaryň, nebit-gaz kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşarlar.

Aşgabatda 2022-nji ýylyň 29-30-njy martynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek (OGT 2022) boýunça halkara forum geçiriler.

Halkara maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasy bilen bilelikde gurnarlar. Bu barada “Türkmen Forum” kompaniýasynyň ýaýradan metbugat beýanatynda şenbe güni habar berildi.

Energiýanyň geljegi, sebitdäki energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny, täze energiýa döwründe maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri, durnukly energiýany goldamakda maliýe guramalarynyň orny, uglewodorod öndürmekde we gaz zyňyndylaryny azaltmakda innowasiýa tehnologiýalary hem-de nou-haular, uglewodorodlary gaýtadan işlemek we daşamak boýunça halkara hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu çärä Halkara energetika agentligi (IEA), Halkara gaz bileleşigi, Gaz eksport edýän ýurtlaryň forumy, Nebiti eksport edýän ýurtlar guramasy (OPEC), “Lukoýl”, “SOCAR”, “Dragon Oil”, “Petronas”, CNPC ýaly öňdebaryjy milli we halkara guramalaryň, nebit-gaz kompaniýalarynyň, halkara maliýe guramalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary, şeýle hem diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş sebitde nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri gatnaşarlar.

Adaty we onlaýn görnüşde geçiriljek bu abraýly çäre Türkmenistanyň energiýa pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, Türkmenistanyň milli nebit-gaz kompaniýalary bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge we güýçlendirmäge gönükdirilendir. Forumyň birinji sessiýasynyň çäklerinde “Dubai Expо” sergisinden göni ýaýlym hem gurnalar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022