Türkmen-özbek söwda dolanyşygy iki aýda $109 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy iki aýda $109 milliona golaýlady
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 90 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 108 million 800 müň ABŞ dollaryna golaýlap, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 24,4% peseldi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň anna güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy 90 million ABŞ dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 18 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň ýanwar-fewral aýlarynda daşary söwda dolanyşygy 8 milliard 730 million ABŞ dollaryndan geçip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4 milliard ABŞ dollary ýa-da 84,9% ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň iň köp söwda eden ýurdy Hytaý boldy. Iki ýurduň arasyndaky döwda dolanyşygy 1 milliard 360 million ABŞ dollaryna golaýlady. Özbegistanyň importy 1 milliard ABŞ dollaryndan geçip, eksporty bolsa 310 million 500 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Hasabat döwründe Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($1,25 milliard), Gazagystan ($620,1 million), Türkiýe ($521,2 million), Günorta Koreýa ($401,5 million), Germaniýa ($176,1 million), Gyrgyzystan ($140,7 million), Ukraina ($114 million) we Hindistan ($98 million) girdi.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 881 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022