Aşgabatda OGT-2022 Halkara maýa goýum forumy başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda OGT-2022 Halkara maýa goýum forumy başlady
"Ýyldyz" myhmanhanasy, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasynda sişenbe güni “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT-2022) halkara maýa goýum forumy öz işine başlady.

Forum “Türkmennebit”, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Turkmen Forum” we “GaffneyCline” kompaniýalar bilen bilelikde gurnalýar.

Halkara forumyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara ýüzlenmesini okady. Döwlet Baştutanymyz öz ýüzlenmesinde Türkmenistan halkara giňişliginde ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanalýandygyny nygtady. Şonuň bilen baglylykda, bu halkara onlaýn foruma köp sanly abraýly daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşyp, türkmen hünärmenleri bilen ýyllarboýy toplanylan tejribelerini paýlaşmagy hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alyşmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti bu halkara onlaýn forumyň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen bilelikde daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem-de özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem, bu halkara maslahat daşary ýurt işewürlerine ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň strategiýasy, döwrebap tehnologiýalary işjeň çekmegiň tejribesi, hyzmatlary amala aşyrmagyň ýollary bilen tanyşmaga mümkinçilik berer diýip Döwlet Baştutanymyz nygtady. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimi hem-de dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir.

Şol bir wagtyň özünde onlaýn görnüşde hem geçirilýär çärä CNPC, SOCAR, Dragon Oil, TAPI, Mitro International, Westport Trading Europe Limited, Haldor Topsoe, NAPECO hem-de Ýug-Neftegaz ýaly iri energetika kompaniýalaryň wekilleri gatnaşýarlar.

Forumyň işine halkara energetika guramalar, şol sanda Nebiti eksport edýän ýurtlaryň (OPEK), Halkara energetika agentliginiň, Fransiýanyň gaz assosiasiýasy we Dubaýyň elektroenergiýa we suw üpjünçilik müdiriýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem, çärä Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we Abu-Dabiniň ösüş gaznasy ýaly maliýe we bank edaralary gatnaşýalar.

Energiýanyň geljegi, sebitdäki energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny, täze energiýa döwründe maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri, durnukly energiýany goldamakda maliýe guramalarynyň orny, uglewodorod öndürmekde we gaz zyňyndylaryny azaltmakda innowasiýa tehnologiýalary hem-de nou-haular, uglewodorodlary gaýtadan işlemek we daşamak boýunça halkara hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň esasy wezipeleri Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynyň depginli ösüşine, onuň diwersifikasiýasyna, döwrebaplaşdyrmakdan, dünýä bazaryna eksport mümkinçiliklerini giňeltmekden, daşary ýurtly maýa goýumlaryny çekmäge, ýurduň gury ýerinde we Hazar deňzinde nebitgaz ýataklaryny tapylmagyna, öwrenilmegine we işlenilmegine ýardam bermekden ybaratdyr.

2022