Penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda agrosenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna gurluşyk hem-de önümçilik maksatlary üçin jemi 10 müň 545,22 gektar ýer böleklerini bölüp bermek boýunça işlenip taýýarlanylan teklipleri hödürledi.
Ýer serişdeleri döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, häkimliklere hem-de olaryň garamagyndaky edara-kärhanalara hemişelik we wagtlaýyn peýdalanmaga berler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde obasenagat toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belledi hem-de oba hojalygyna goldaw bermegiň ugurlaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň we giňeltmegiň, ekerançylygy, maldarçylygy yzygiderli ösdürmek boýunça taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň hem-de bu ugurda iş alyp barýan telekeçilere goldaw bermegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Umuman, bu işler azyk howpsuzlygynyň berkidilmegini, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň pugtalandyrylmagyny, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ösdürilmegini üpjün etmelidir diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz oba hojalygyndaky özgertmeleri işjeňleşdirmegiň, hojalygy dolandyrmagyň täze, netijeli usullaryny ornaşdyrmagyň, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň zerurdygyny belläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri toplumlaýyn esasda dowam etmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.